Gelip çykyş 9

9-njy bap

Hudaý Nuh bilen äht edýär

1 Hudaý Nuha hem-de onuň ogullaryna şeýle pata berdi: «Örňäň, köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň. 2 Ähli haýwanlar, guşlar, süýrenijiler we balyklar sizden juda gorkuda ýaşarlar; olaryň hemmesi siziň ygtyýaryňyza berilýär. 3 Janly-jandarlaryň ählisi size iýmit bolar; edil gök ösümlikleri berşim ýaly, olaryň hemmesini Men size berýärin. 4 Ýöne olaryň etini gany bilen iýmäň. Jan gandadyr. 5 Siziň ganyňyzy dökene ölüm jezasyny bererin. Adam öldüren islendik haýwana ýa-da ynsana Men jeza bererin. 6 Kimde-kim bir ynsanyň ganyny dökse, onuň gany hem ynsan tarapyndan dökülsin. Çünki Hudaý ynsany Öz keşbinde ýaradandyr. 7 Siz örňäp, köpeliň we ýer ýüzüne ýaýraň».

8 Hudaý Nuha we onuň ogullaryna ýüzlenip, şeýle diýdi: 9-10 «Men indi siz we sizden soňky geljek nesliňiz bilen, şeýle hem siziň bilen gämiden çykan ähli jandarlar: guşlar, mallar we ýer ýüzündäki haýwanlaryň bary bilen äht baglaşýaryn. 11 Men siziň bilen äht baglaşýaryn. Indi hiç haçan bütin janly-jandarlar sil bilen heläklenmez we tutuş ýer ýüzüni weýran etjek sil gelmez. 12 Meniň siz hem-de siziň bilen bolan ähli jandarlar bilen nesilden-nesle edýän ebedilik ähtimiň nyşany şudur: 13 bulutlaryň arasynda ýerleşdiren älemgoşarym Meniň dünýä bilen eden ähtimiň nyşany bolar. 14-15 Ýeriň ýüzüni bulut örtüp, bulutlaryň arasynda älemgoşar görnende, Men siziň we ähli janly-jandarlar bilen eden ähtimi ýatlaryn. Mundan beýläk Men hiç haçan bütin janly-jandarlary sil bilen heläklemerin. 16 Bulutlarda älemgoşar peýda bolan mahaly ony görüp, Men ýer ýüzüniň ähli janly-jandarlary bilen eden baky ähtimi ýatlaryn». 17 Hudaý Nuha: «Ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlar bilen Meniň baglaşan ähtimiň nyşany, ine, şudur» diýdi.

Nuh we onuň ogullary

18 Sam, Ham, Ýafes Nuhuň gämiden çykan ogullarydy. (Ham Kenganyň atasydy.) 19 Nuhuň üç ogly şulardy. Tutuş ýer ýüzüniň ynsanlary şulardan ýaýrady. 20 Nuhuň özi daýhandy. Ol ilki bilen üzüm agaçlaryny oturtdy. 21 Ol şerap içip, ondan serhoş bolup, öz çadyrynyň ortarasynda ýalaňaç ýatyrdy. 22 Kenganyň kakasy Ham öz kakasynyň ýalaňaçdygyny görüp, muny beýleki iki doganyna habar berdi. 23 Sam bilen Ýafes geýim alyp, ony omuzlaryna atdylar we ýeňseleýin ýöräp baryp, kakalaryny geýindirdiler. Olar ýüzlerini başga tarapa öwrüp, kakalarynyň ýalaňaçlygyny görmediler. 24 Nuh serhoşlygyndan açylansoň, körpe oglunyň özüne näme edendigine göz ýetirip şeýle diýdi:

25 «Kengana nälet siňsin,

ol doganlarynyň elinde,

gullaryň guly bolsun.

26 Samyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun!

Kengan Sama gul bolsun.

27 Hudaý Ýafesi örňetsin,

Ýafesiň nesilleri Samlaryň çadyrlarynda ýaşasyn,

Kengan Ýafese gul bolsun».

28 Nuh silden soň ýene üç ýüz elli ýyl ýaşady. 29 Ol jemi dokuz ýüz elli ýaşap dünýäden ötdi.

©