Gelip çykyş 11

11‑nji bap

Babyl minarasy

1 Tutuş ýer ýüzünde bir dil, birmeňzeş sözler bardy. 2 Adamlar gündogardan göçüp barýarkalar, Şingar ýurdunda bir düzlügiň üstünden gelip, şol ýerde mesgen tutdular. 3 Olar biri-birlerine: «Geliň, kerpiç ýasap, ony gowy bişireliň» diýişdiler. Olar gurluşyk üçin daşyň ýerine kerpiç, palçygyň ýerine bolsa şepbik ulandylar. 4 Soňra olar: «Ýer ýüzüne dagaman, özümizden bir at galdyrarymyz ýaly, geliň, bir gala we depesi göge ýetip duran minara guralyň» diýişdiler. 5 Reb ynsanlaryň gurýan galasyny hem-de minarasyny görmek üçin aşak indi. 6 Reb: «Görsene, olar bir halk, olaryň dilleri-de bir. Bu olaryň niýetiniň başlangyjydyr; olar indi öz göwünlerine gelen zatlaryny etmekden saklanmazlar. 7 Geliň, aşak ineliň-de, biri-biriniň gepine düşünmez ýaly, olaryň dilini garyşdyralyň» diýdi. 8 Şeýdip, Reb ynsanlary bütin ýer ýüzüne dargatdy; olar gala gurmalaryny bes etdiler. 9 Şoňa görä-de, şol gala Babyl diýip at dakyldy, çünki Reb şol ýerde ähli ynsanlaryň dilini garjaşdyryp, olary bütin ýer ýüzüne dargadypdy.

Samyň nesilleri

10 Samyň nesilleri şulardyr. Silden iki ýyl soňra, Sam ýüz ýaşyndaka, ondan Arpakşat doguldy. 11 Arpakşat doglandan soň, Sam ýene bäş ýüz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 12 Arpakşat otuz bäş ýaşyndaka, ondan Şela doguldy. 13 Arpakşat Şela doglandan soň ýene dört ýüz üç ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 14 Şela otuz ýaşyndaka, ondan Eber doguldy. 15 Şela Eber doglandan soň ýene dört ýüz üç ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 16 Eber otuz dört ýaşyndaka, ondan Pelek doguldy. 17 Pelek doglandan soň Eber ýene dört ýüz otuz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 18 Pelek otuz ýaşyndaka, ondan Reguw doguldy. 19 Reguw doglandan soň Pelek ýene iki ýüz dokuz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 20 Reguw otuz iki ýaşyndaka, ondan Seruk doguldy. 21 Seruk doglandan soň Reguw ýene iki ýüz ýedi ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 22 Seruk otuz ýaşyndaka, ondan Nahor doguldy. 23 Nahor doglandan soň Seruk ýene iki ýüz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 24 Nahor ýigrimi dokuz ýaşyndaka, ondan Tera doguldy. 25 Tera doglandan soň Nahor ýene ýüz on dokuz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 26 Tera ýetmiş ýaşyndaka, ondan Ybram, Nahor hem-de Haran doguldy.

Teranyň nesilleri

27 Teranyň nesilleri şulardyr. Teradan Ybram, Nahor we Haran doguldy. Harandan Lut doguldy. 28 Haran öz dogduk mekanynda, babyllylaryň Ur galasynda kakasy Tera dirikä aradan çykdy. 29 Ybram bilen Nahor öýlendiler; Ybramyň aýalynyň ady Seraý, Nahoryňky bolsa Milkady. Milka Haranyň gyzydy. Haran Iskanyň hem kakasydy. 30 Seraý önelgesizdi; onuň çagasy ýokdy. 31 Tera ogly Ybramy, agtygy Haranyň ogly Luty, gelni bolan Ybramyň aýaly Seraýy öz ýanyna alyp, Kengan topragyna gitmek üçin babyllylaryň Ur galasyndan çykyp gaýtdy. Olar Harana gelip, şol ýerde mesgen tutdular. 32 Tera iki ýüz bäş ýaşynda Haranda aradan çykdy.

©