Gelip çykyş 12

12‑nji bap

Reb Ybramy saýlaýar

1 Reb Ybrama şeýle diýdi: «Öz ýurduňy, kowumdaşlaryňy we ataňyň hojalygyny taşla-da, Meniň saňa görkezjek ülkäme git.

2 Senden beýik millet ýaradyp,

Men seni ýalkaryn,

adyňy arşa götererin,

başgalar sen arkaly ýalkanarlar

biri-birlerine pata bererler.

3 Seni ýalkany ýalkaryn,

seni näletläni-de näletlärin;

Ýer ýüzündäki ähli milletler

sen arkaly pata alarlar».

4 Ybram Rebbiň aýdyşy ýaly ýola düşdi. Lut hem onuň bilen bile gitdi. Harandan çykyp gaýdanda, Ybram ýetmiş bäş ýaşyndady. 5 Ol aýaly Seraýy, doganynyň ogly Luty hem-de Harandaky ähli mal-mülküni we gullaryny alyp, Kengan ýurduna tarap ýola düşdi. Olar Kengana geldiler. 6 Ybram Kenganyň içi bilen Şekemiň golaýyndaky Moredäki dub agajyna çenli gitdi. Ol döwürlerde kenganlar şol ýerde ýaşaýardylar.

7 Reb Ybrama görnüp: «Men şu ýurdy seniň nesliňe berjek» diýdi. Ybram ol ýerde özüne görnen Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady. 8 Soňra ol ýerden Beýteliň gündogaryndaky daglyga tarap gitdi. Ol günbatardaky Beýtel we gündogardaky Aý galalarynyň arasynda öz çadyryny dikdi. Ybram ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasap, Rebbe ybadat etdi. 9 Soňra ol bir ýerden başga ýere göçüp-gonup, günorta tarap ýoluny dowam etdirdi.

Ybram bilen Seraý Müsürde

10 Kenganda gazaply açlyk başlandy. Şoňa görä, açlyk gutarýança, Ybram wagtlaýyn Müsüre gitdi. 11 Olar Müsüre golaýlanlarynda, Ybram aýaly Seraýa: «Men seniň juda owadan aýaldygyňy bilýärin. 12 Müsürliler seni görüp: „Bu onuň aýaly“ diýerler; onsoň olar meni öldürerler, seni bolsa diri galdyrarlar. 13 Olaryň sen üçin maňa ýagşylyk ederleri we seniň üstüň bilen meniň janymyň halas bolary ýaly, sen olara: „Men onuň aýal dogany“ diý» diýdi.

14 Ybram Müsüre gelende, müsürliler Seraýyň juda owadandygyny gördüler. 15 Seraýy gören faraonyň köşk emeldarlary faraona Seraýyň gözelligini tarypladylar. Hatyn köşge äkidildi. 16 Seraýyň hatyrasyna faraon Ybrama ýagşylyk etdi. Ol Ybrama dowarlar, öküzler, eşekler, gul-gyrnaklar we düýeler berdi. 17 Reb Ybramyň aýaly Seraý sebäpli faraon we onuň köşgündäki adamlara elhenç keseller bilen ejir çekdirdi. 18 Şonda faraon Ybramy ýanyna çagyryp: «Meni nä günlere saldyň?! Seraýyň öz aýalyňdygyny näme üçin maňa aýtmadyň? 19 Näme üçin sen „Ol meniň aýal doganym“ diýdiň? Men Seraýy özüme aýallyga aldym-a! Ine, seniň aýalyň, ony al-da, gümüňi çek!» diýdi. 20 Faraon Ybram barada öz adamlaryna buýruk berdi. Olar Ybramy aýalydyr bar emlägi bilen Müsürden öz ýoluna ugratdylar.

©