Gelip çykyş 15

15‑nji bap

Reb Ybram bilen äht edýär

1 Şu wakalardan soň Ybrama görnüş arkaly Rebbiň sözi aýan boldy. Reb oňa şu sözleri aýtdy: «Ybram, gorkma! Men seniň galkanyňdyryn, seniň sylagyň juda uly bolar». 2 Ybram: «Eý, Hökmürowan Reb, Sen maňa näme berjek? Meniň heniz-de perzendim ýok. Hojalygym damaskly Eligezere miras galar. 3 Sen maňa perzent bermänsoň, hojalygymdaky gulum maňa mirasdar bolar» diýdi. 4 Ybrama Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Ol seniň mirasdaryň bolmaz, öz biliňden önjek seniň mirasdaryň bolar». 5 Soňra Reb Ybramy daşary çykaryp: «Asmana seret. Sen şol görünýän ýyldyzlary sanap bilseň sanaý. Seniň şonça-da nesliň bolar» diýdi. 6 Ybram Rebbe iman etdi we Reb ony dogry hasaplady.

7 Reb Ybrama: «Şu ýurda eýe bolmagyň üçin, seni babyllylaryň Ur galasyndan çykaran Reb Mendirin» diýdi. 8 Ybram: «Eý, Hökmürowan Reb! Özümiň şu topragyň eýesi boljakdygymy men nädip bilerin?» diýdi. 9 Reb oňa: «Maňa üçýaşar göle, üçýaşar geçi, üçýaşar goç, gumry hem-de ýaş kepderi getir» diýdi. 10 Ybram getirip, olaryň hersini iki bölege böldi we her bölegi beýleki böleginiň garşysynda goýdy. Ýöne ol guşlary bölmedi. 11 Ybram läşleriň üstünde aýlanyşýan çaýkelleri kowdy.

12 Gün ýaşyp barýarka, Ybramy agyr uky basmarlady; onuň üstüne elhenç gorky howpy abandy.

13 Reb Ybrama şeýle diýdi: «Sen şuny bilip goýgun: seniň nesliň ýat toprakda gelmişek hem gul bolup ýaşar we şol ýeriň halky olary dört ýüz ýyllap ezer. 14 Emma Men seniň nesliňi gul eden milletiň jezasyny bererin. Şondan soň olar ummasyz mal-mülki bilen ol ýerden çykarlar.

15 Sen bolsa uzak ýaşarsyň, asudalykda ölüp, ata-babalaryňa gowşarsyň. 16 Nesliňiň dördünji arkasy bu ýere dolanyp geler, çünki amorlaryň günäsi heniz jeza almak derejesine ýetenok».

17 Gün ýaşyp, garaňky düşende, tüsseli ojak hem-de ýalynly çyra görnüp, bular haýwan bölekleriniň arasyndan geçipmiş.

18-21 «Müsür derýasyndan tä beýik Ýewfrat derýasyna çenli uzalyp gidýän şu ýurdy: keýnleriň, kenizleriň, kadmonlaryň, hetleriň, perizleriň, rapalaryň, amorlaryň, kenganlaryň, girgaşlaryň we ýabuslaryň ýaşaýan ýurduny Men seniň nesliňe berýändirin» diýip, hut şol gün Reb Ybram bilen äht edişdi.

©