Gelip çykyş 16
16-njy bap
Hajar we Ysmaýyl
1 Ybramyň aýaly Seraý oňa çaga dogrup bermedi. Seraýyň Hajar atly müsürli bir gyrnagy bardy. 2 Bir gün Seraý Ybrama: «Sered-ä, Reb meni çaga dogurmakdan saklady. Sen meniň gyrnagym bilen ýat. Belki, ol maňa çaga dogrup berer» diýdi. Ybram Seraýyň sözüne gulak asdy. 3 Şeýdip, Seraý müsürli gyrnagy Hajary öz adamsy Ybrama aýallyga berdi. (Bu waka bolup geçende, Ybram Kenganda on ýyl ýaşapdy.)
4 Ybram Hajar bilen ýatdy we Hajar göwreli boldy. Hajar özüniň göwrelidigini bilenden soň, öz bikesine ýigrenç bilen seretdi. 5 Seraý Ybrama: «Meniň mertebämiň peselmegine sen sebäp bolduň! Öz gyrnagymy seniň goýnuňa beren mendirin. Ol özüniň göwrelidigini bileni bäri maňa ýigrenç bilen seredýär. Ikimizden haýsymyzyň mamladygymyzy, goý, Reb çözsün» diýdi.
6 Ybram Seraýa: «Gyrnagyň öz eliňde. Sen oňa islän zadyňy et» diýdi. Şunlukda, Seraý Hajara juda ýowuz daraşyp ugrady. Hajar ondan gaçyp gitdi.
7-8 Rebbiň perişdesi Hajary çöl içindäki, Şur ýolundaky suw gözbaşyndan tapdy. Ol ondan: «Eý, Seraýyň gyrnagy Hajar, nireden gelip, nirä barýarsyň?» diýip sorady. Hajar: «Bikäm Seraýdan gaçyp barýaryn» diýip jogap berdi. 9 Rebbiň perişdesi Hajara: «Bikäň ýanyna dolan-da, oňa tabyn bol» diýdi. 10 Rebbiň perişdesi sözüni dowam edip, Hajara: «Seniň nesliňi şeýle bir köpelderin welin, hatda olary sanap-da bolmaz.
11 Sen häzir göwreli; seniň bir ogluň bolar.
Sen onuň adyna Ysmaýyl dakarsyň,
çünki Reb seniň ahy-nalaňy eşitdi.
12 Ol gulan ýaly bir adam bolar.
Ol her kese, her kes hem oňa garşy bolar.
Ol öz doganlarynyň hiç biri bilen oňuşmaz».
13 «Men, hakykatdan-da, özüme üns berýän Hudaýy gördüm» diýip, Hajar özi bilen gepleşen Rebbi «Görýän Hudaý» diýip atlandyrdy. 14 Şoňa görä-de Kadeş bilen Berediň arasyndaky ol guýy «Beýer-lahaýroý» diýip atlandyrylandyr.
15 Hajar Ybrama bir ogul dogrup berdi. Ybram oglunyň adyna Ysmaýyl dakdy. 16 Hajar Ysmaýyly dogranda, Ybram segsen alty ýaşyndady.